Iýul 03, 2020 15:47 Asia/Ashgabat
  • Kreml: Russiýa, Russiýanyň konstitusion referendumy barada Günbataryň aladalaryna ähmiýet bermeýär

Kremliň metbugat sekretary Russiýanyň konstitusiýa referendumy bilen baglanyşykly günbatar aladalaryna üns bermeýändigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow anna güni käbir günbatar syýasatçylarynyň Russiýanyň konstitusiýa referendumy baradaky aladalaryna jogap edip: "Biz bu sözlerden habarly, emma Russiýa ilki bilen özygtyýarlylygyny saklar" -diýdi.

Kremliň metbugat sekretary sözüniň dowamynda "Bu halkara hukugyna ters däldir diýip yglan etdi. Peskowyň pikiriçe, Russiýa halkara hukugyny ýerine ýetirdi we mundan beýläk hem dowam eder.

Merkezi saýlaw toparynyň habaryna görä, Russiýanyň konstitusiýa sala salşygy çarşenbe güni tamamlandy, ruslaryň 77 göterimi ony üýtgetmegi goldady.

 

 

Teswirler