Iýul 04, 2020 15:31 Asia/Ashgabat
  • Orsýet,Amerikanyň Eýrana garşy ýarag sanksiýasyny kabul etmeýär

Trampyň döwleti ,Eýran yslam respublikasynyň goranyş we harby gudratynyň artmagyna garşy göreşmegi ugurynda 2231-njy karar hat boýunça 2020-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-inde wagty gutarýan Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň dowam edilmegi bilen halkara giňişliginde ýaýabaň tagalla edip,şu ýerlikde bir karar hat taslama ýazgysyny hem howpsuzlyk şurada ileri sürdi.

Emma Waşingtonyň bu işi Moskwanyň gaty tankytyna gabat geldi.Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Marýa Zaharowa beren gürrüňlerinde ,Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň wagtynyň uzaklaşdyrylmagy ugurynda Amerikaň howpsuzlyk şura beren karar taslamasyna Orsýetiň garşydygyny yglan edip bu taslama ýazgyň içindäki bentleriň,Eýranyň ýadro işleine degişli bolýan çözgüt ýollara hiç bir ilteşikli ýeri ýokdyr diýip nygtady.Moskwa Eýrana garşy döredilýän täze çäklikleriň kanuny däldigini we ýadro ylalaşygyň goralmagy ugurynda oňyn iş hesaba gelmeýändigini ençeme gaýtar nygtandyr.ýadro ylalaşygyň möhüm maddalarynyň birisi şeýlede BMG-nyň howpsuzlyk şurasynyň 2231-njy karar haty boýunça,Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň wagty ýadro ylalalşygyň ýerine ýetirilip başlanan zamanyndan 5 ýyl soň gutarýandyr.emma Amerika bu işiň öňüne geçmegi ugurdynda köp tagalla edýär.Waşington şu ýerlikde 2019-njy ýylyň ortalaryndan bäri ýaýabaň ruhy uruşyny turuzýandyr.Amerikaň ýokary derejeli resmileri ylaýtada bu ýurduň DIM-y Maýk Pompeo,Eýrana garşy Ýarag sanksiýalaryň ýatyrylmagy ,sebitde ýarag ýaryşyň bolmagyna,Eýranyň we onuň ýaranlarynyň sebitleýin gudratlarynyň artmagyna we Sionist Režimiň howpsuzlygynyň howpa düşmegine sebäp boljakdyr diýip ençeme gaýtar toslandyrlar.soňraky tapgyrda hem Trampyň döwleti,öz isleginiň kabul edilmegi ugurynda BMG-nyň howpsuzlyk şurasynyň agzalaryny razy etjek bolup tagalla etdi.şonuň üçin hem howpsuzlyk şurasyna bir karar hatyň taslama ýazgysyny berdi.şol taslama ýazgy hem Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň dowam edilmegini nygtaýandyr.Emma Waşingtonyň şeýle tagallalarynyň garşysynda Amerikaň halkara bäsdeşleri bolýan Orsýet bilen Hytaýyň ynamlaryna görä,Waşingtonyň bu işi diňe Amerikaň kanuny bolmaýan maksatlarynyň we islegleriniň çarçuwyndadyr.möhüm mesele şudur welin Amerikaň taslama ýazgysy kanuny boljak bolsa howpsuzlyk şuraň 15 agzasynyň 9 agazasy oňa oňyn selerini bermelidirler.

 

Tag

Teswirler