Awgust 04, 2020 16:15 Asia/Ashgabat
  • Trump: Günbatar Aziýanyň işlerine goşulmak Amerikanyň taryhynda iň uly ýalňyşlykdyr

Amerikanyň prezidenti Donald Trump Günbatar Aziýanyň işlerine goşulmagyň bu ýurduň taryhynda iň uly ýalňyşlykdygyny aýtdy.

Duşenbe güni Amerikan habar saýty “Axius” bilen söhbetdeş bolan Donald Trump Günbatar Aziýa goşun ibermegiň we bu sebitiň işlerine goşulyşmagyň Amerikanyň taryhynda iň uly ýalňyşlykdygyny aýtdy.

Şeýle hem ABŞ-nyň prezidenti söhbetdeşlikde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki prezidentlik döwründe edilmedik köp işiň edilendigini we Waşingtonyň DAEŞ terrorçylyk toparyny ýok edendigini toslady.

Bu söhbetdeşlikde Trump gysga wagtyň içinde Owganystandaky Amerikan harbylaryň sanyny 8000-e, soňra bolsa 4000-e çenli azaltandygyny habar berdi.

ol Bu söhbetdeşlikde bu kararyň takyk wagtyny yglan etmedi we munuň ýakyn wagtda boljakdygyny aýtdy.

Amerika we onuň ýaranlary 2001-nji ýylda terrorçylyga garşy göreş we howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen Owganystana çozdy, ýöne şondan bäri Owganystanda howp, terrorçylyk we neşe serişdeleriniň öndürilmegi ep-esli artdy.

Tag

Teswirler