Awgust 04, 2020 19:53 Asia/Ashgabat
  • Dünýäde kronawirusyň ýagdaýy

Koronawirus sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 692 müň 893 adama ýetdi

Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 11 million 450 müň 127 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýä derejesinde ýogalanlaryň sany 692 müň 893 adama ýetdi. Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 18 million 239 müň 246 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 11 million 450 müň 127 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň güýç merkezi ABŞ-da, koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 1 müň 152 adam artyp, 158 müň 365 adama ýetdi. Wirus ýokanlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 58 müň 739 adam artyp, 4 million 813 müň 647 adama ýetdi. 

Braziliýada häzirki wagta çenli ýogalanlaryň sany 94 müň 130 adama ýeten bolsa, wirusa ýoluganlaryň sany 2 million 733 müň 677 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Meksikada 47 müň 746 adama, koronawirus ýokanlaryň sany bolsa 439 müň 46 adama ýetdi. 

Çilide Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adam artyp, 9 müň 608 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 81 adam artyp 359 müň 731 adama ýetdi. 

Argentinada soňky 1 günde ýene-de 52 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 3 müň 648-e, Kovid-19 ýokan adamlaryň sany bolsa 5 müň 376 adam artyp, 201 müň 919-a ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada häzirki wagta çenli 46 müň 201 adam Kovid-19 sebäpli ýogaldy. Koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 304 müň 695 adama ýetdi. 

Kosowanyň Premýer ministri Awdullah Hoti, Kovid-19-a ýolugandygyny aýan etdi. Kosowada epidemiýa sebäpli 249 adam ýogaldy, 8 mü- 799 adamdan bolsa Kovid-19-yň bardygy anyklandy.

 

 

Teswirler