Awgust 08, 2020 16:15 Asia/Ashgabat
  • Amerika ýene bir gezek Eýrany, Orsýeti we Hytaýy aýyplady

Waşington Eýrany, Orsýeti we Hytaýy hiç hili subutnama bermezden ABŞ-nyň ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlaryna goşulmaga synanyşmakda aýyplady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä, ABŞ-nyň Milli aňtaw merkeziniň guramalaryndan bolan ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk we gözegçilik merkeziniň müdiri William Ewanina anna güni beren beýanatynda Eýran, Orsýet we Hytaý 2020-nji ýylda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna goşulmak we demokratik institutlary gowşatmak isleýär diýip toslady.

Amerikanyň Prezidenti Donald Trump döwletiniň jogapkärleri hem ozal Eýrany, Orsýeti we Hytaýy ABŞ-nyň saýlawlaryna goşulmaga synanyşmakda aýyplapdylar.

Eýran Yslam Respublikasy, Orsýet we Hytaý bu ýalan aýyplamany birnäçe gezek ret etdiler.

Köp bilermenler Waşingtonyň, Eýrany, Hytaýy we Orsýeti aýyplap, ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawynda "Donald Trump" -a ses bermek üçin Amerikan halkynyň garaýşyny üýtgetmäge synanyşýandygyna ynanýarlar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen pikir soralyşyklar Trumpyň saýlawda ýeňiljekdigini görkezýär.

Teswirler