Awgust 08, 2020 18:24 Asia/Ashgabat
  • BMG-syndaky diplomatlar Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryň uzaklaşdyrylmagyny baradaky karary ret etdiler

Birleşen Milletler Guramasyndaky diplomatik çeşmeler ABŞ-nyň Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryny uzaltmak rezolýusiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde makullanmajakdygyny aýtdylar.

Fransiýa habarlar gullugynyň beren habaryna görä, BMG-syndaky diplomatlar bu matlaby aýtmak bilen Amerikanyň bu kararyna bildirilýän garşylyklar gaty güýçlidir we Moskwa bilen Pekiniň özleriniň WETO haklaryndan haýyrlanar ýaly howpsuzlyk geňeşinde 9 agzanyň hemmesiniň sesini gazanyp bilmez diýip aýtdylar.

ýadro ylalaşygyň iş maslahaty boýunça, Eýrana garşy ýarag gadaganlygy şu ýylyň oktýabr aýynda gutarýar bu mesele bolsa ABŞ hökümetiniň ýadro şertnamasyna garşy iň güýçli garşylyklaryndan biridir.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo çarşenbe güni Hytaýyň we Orsýetiň garşylygyna garamazdan Waşingtonyň Eýrana ýarag gadaganlyklary uzaltmak baradaky kararyny hödürleýändigini aýtdy.

çarşenbe güni habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Ak tam BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalaryna Eýrana garşy ýarag gadaganlyklaryň uzaldylmagyny talap edýän täze karary hödürledi.

ýadro şertnamasyna laýyklykda oktýabr aýynda Eýrana garşy ýarag gadaganlyklary ýatyrylar we şu esasda Eýran ýene ýarag satyn alyp we satyp biler.

Teswirler