Sentýabr 18, 2020 12:03 Asia/Ashgabat
  • Koronawirus Täsirini Dünýäde Dowam Etdirýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 945 müň 817, hasaba alynan kesellileriň sany 30 million 73 müň, wirusy ýeňenleriň sany 21 million 826 müň adamdan geçdi.

 

 

Braziliýada wirusa ýoluganlaryň sany 36 müň 820 adam artyp 4 million 421 müň adama ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 945 müň 817, hasaba alynan kesellileriň sany 30 million 73 müň, wirusy ýeňenleriň sany 21 million 826 müň  adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 201 müň 366, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 828 müň 301 adamdan geçdi. Prezident Donald Tramp koronawirus sanjymynyň oktýabr aýynyň ortalarynda taýar boljakdygyny habar berdi.

Braziliýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 134 müň 174, wirusa ýoluganlaryň sany 36 müň 820 adam artyp 4 million 421 müň adama ýetdi.

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 300 adam artyp 71 müň 978, wirusa ýoluganlaryň sany 4 müň 444 adam artyp 680 müň 921 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 20 adam artyp 41 müň 684, hasaba alynan kesellileriň sany 3 müň 991 adam artyp 378 müň 219 adama ýetdi. Premýer ministr Boris Jonson, epidemiýa garşy göreşde ikinji gezek karantinanyň yglan edilmeginiň ýurt üçin maliýe taýdan uly betbagtçylyga sebäp boljakdygyny aýtdy.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 46 adam artyp 31 müň 45, wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 784 adam artyp 404 müň 888 adama ýetdi. Bilim ministri Mişel Blanguer, okuwçylaryň arasynda koronawirusa ýoluganlaryň bardygynyň anyklanylmagyndan soň ýapylan mekdepleriň sanynyň 81-e ýetendigini mälim etdi.

Awstraliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 8 adam artyp 832, wirusa ýoluganlaryň sany 34 adam artyp 26 müň 813 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Italiýada 35 müň 645, Peruda 31 müň 50, Ispaniýada 30 müň 243, Kolumbiýada 23 mün 478, Argentinada 12 müň 116 ,Çilide 12 müň 58, Ekwadorda 10 müň 996 adam ýogaldy.

 

Teswirler