Sentýabr 19, 2020 10:28 Asia/Ashgabat
  • Fransiýa: Amerikanyň Hizbullaha garşy aýyplamalaryny subutlap boljak delil ýok

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Liwan Hizbullahyň Ýewropanyň bu ýurdunda himiki serişdeleri saklaýandygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýdyp, ABŞ-nyň toslamasyny ret etdi.

"Roýter" habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Agnes fon der Mol anna güni ABŞ-nyň resmisiniň Liwan Hizbullaha garşy aýdanlaryny ret edip, şu gün Fransiýada beýle aýyplamany tassyklaýan takyk subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Terrorçylyga garşy utgaşdyryjysy Natan Saleş geçen penşenbe güni Liwan Hizbullahynyň Belgiýadan Fransiýa, Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa we Şweýsariýa ammiak selitrasy ýaly himiki serişdeleri bikanun getirendigini we saklandygyny toslapdy.

ýakynda Beýruta eden sapary wagtynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Hizbullanyň Liwan halky tarapyndan saýlanandygyny we Hizbullah bilen beýleki Liwan partiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň bardygyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary Eýranyň we Liwan Hizbullanyň sebitdäki terrorçy toparlara garşy göreşde gazanan üstünliklerinden soň sebitdäki çydama edilýän basyşy güýçlendirmek üçin tagallalary güýçlendirdiler.

Eýran we Liwanyň Hizbullahy, çydam frontunyň esasy agzalary hökmünde ABŞ-Sionist dildüwşüklerine we sebitdäki hereketlerine garşy durmakda möhüm rol oýnaýarlar.

Teswirler