Sentýabr 19, 2020 13:10 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa Troikasy: Eýrana garşy sanksiýalary dikeltmek üçin edilen islendik hereketiň kanuny täsiri ýok

Angliýa, Germaniýa we Fransiýa döwletleri ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryny dikeltmek baradaky tagallalaryny ýene bir gezek ret etdiler.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Angliýa, Germaniýa we Fransiýa döwletleri anna güni BMG Howpsuzlyk Geňeşine ýazan hatynda Eýrana garşy sanksiýalaryň togtadylmagynyň Eýrana garşy sanksiýalary dikeltmek baradaky islendik kararyň ýa-da çäräniň kanuny güýjüniň ýokdugyny aýdypdyrlar.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy ýarag gadaganlyklarynyň möhletini uzaltmak baradaky karar taslamasyny tassyklamazlygyndan soň, Amerika döwleti,BMG Howpsuzlyk Geňeşinden bikanun çykarylmagyna garamazdan sanksiýalaryň diňe agzalara rugsat berilen "awtomatiki gaýtarylmagy" adyndaky çäreden haýyrlanjak bolýar.

şu ugurda Amerikanyň Birleşen Ştatlary 20-nji awgustda Howpsuzlyk Geňeşine Eýranyň ýadro ylalaşygyň kararlaryny düýpgöter boandygyny öňe sürüp, 2020-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan Eýrana garşy halkara sanksiýalarynyň awtomatiki ýagdaýda yzyna gaýtarylmagyny talap etdi. bu çäre Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary berk garşy çykdylar.

yakynda Ýewropa üçlügi, Hytaý we Rus döwletleri hem bilelikde çykaran beýannamalarynda birtaraplaýyn şeklinde ýadro ylalaşygyndan çykan Amerika döwleti, Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna laýyklykda BMG-nyň Eýrana garşy girizilen sanksiýalary togtatmak işini yzyna öwürüp bilmez diýip nygtap geçdiler.

 

Teswirler