Sentýabr 26, 2020 11:58 Asia/Ashgabat
  • ABŞ-da Koronawirus Sebäpli 207 Müň 538 Adam Ýogaldy

ABŞ-da Koronawirus Sebäpli 207 Müň 538 Adam Ýogaldy, 7 Million 185 Müň Adam Hasaba Alyndy

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 32 million 421müň, wirusy ýeňenleriň sany 23 million 934 müň adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 987 müň 824, wirusa ýoluganlaryň sany 32 million 421müň, wirusy ýeňenleriň sany 23 million 934 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli 207 müň 538 adam ýogaldy, 7 million 185 müň adam hem hasaba alyndy.

Dünýäde koronawirusa ýoluganlar taýdan epidemiýanyň üçinji merkezi Braziliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 831 adam artyp 139 müň 883, wirusa ýoluganlaryň sany 32 müň 817 adam artyp 4 million 659 müň adama ýetdi.

Meksikada Kowvd-19 sebäpli 75 müň 439 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 5 müň 408 adam artyp 715 müň 457 adama ýetdi.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 40 adam artyp 41 müň 902, hasaba alynan kesellileriň sany 6 müň 634 adam artyp 416 müň 363 adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 52 adam artyp 31 müň 511, wirusa ýoluganlaryň sany epidemiýanyň başynda bäri ilkinji gezek 1 günde 16 müň 96 adam artyp 497 müň 237 adama ýetdi.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 hepdede 500 adam artyp 31 müň 118 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 10 müň 653 adam artyp 704 müň 209 adama ýetdi.

Portugaliýanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 3 adam artyp 1931, hasaba alynanlaryň sanynyň 691 adam artyp 71 müň 156 adama ýetendigini mälim etdi.

Türkiýede hem soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 73 adam artyp 7 müň 858 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 112 müň 885 adam testden geçirilip, ýene-de 1665 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan rayatlaryň sanı 1318  adam artyp 273 müň 282 adama ýetdi.

 

 

 

 

 

Tag

Teswirler