Oktýabr 24, 2020 17:30 Asia/Ashgabat
  • Türkiýäniň Prezidenti S-400 howa goranyş ulgamlarynyň synagdan geçirilendigini habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýadan satyn alaynan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň synagdan geçirilendigini mälim etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Russiýadan satyn alaynan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň synagdan geçirilendigini mälim etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Erdogan, Russiýadan satyn alynan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň synagdan geçirilmegi bilen baglanşykly: "Synaglar geçirildi, häzirki wagtda hem geçirilýär we ABŞ-nyň bu babatdaky oňaýsyz pozisiýasy çürt-kesik bizi aladalandyrmaz. Biz elimizdäki bu mümkinçilikleriň synagyny geçirmän, nämäniň synagyny geçireliň? Muny ABŞ-dan soramarys. Diňe S-400-leriň däl, eýsem ençeme ýaragyň synagyny geçirýäris. Mundan soň hem synagdan geçirmäge dowam ederis. Gresiýanyň elinde S-300-ler bar. Synagy bir gyra goýuň, olar bu ulgamlary ulanýarlar. ABŞ olardan şolar ýaly zat soraýarmy? Biz bu meselede tutanýerlidiris, şol bir görnüşdede dowam ederis" diýip beýan etdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda berilýän od açmazlyk bilen bagly ylalaşyk çagyryşlarynyň hem üstünde durup geçen Erdogan, Ermenistanyň ozal beren sözlerinde durmandygyny ýatlatdy. 

Iki ýurdyň arasynda geçiriljek gepleşiklere Türkiýäniň hem gatnaşmak hukugynyň bardygyny aýdan Erdogan: "Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň diýýänlerini bir gyra süýşürmek mümkin däl. Bu ýerde Russiýa çözgüt üçin, parahatçylyk üçin näçe ýer almagy pikir edýän bolsa, Türkiýede azyndan Russiýa ýaly ýer almaga hukugynyň bardygyna ynanýaryn. Aslynda bu babatda Russiýa häzirki wagta çenli oňaýsyz pozisiýa eýelemedi. Russiýanyň Türkiýe bilen baglanşykly oňaýsyz bir beýanaty hem ýok. Şu günki güne çenli hem Azerbaýjan-Ermenistan meselesinde, hem-de beýleki meseleler boýunça, mysal üçin Siriýada bilelikde hyzmatdaşlyk edýäris. Mundan soňky çözgüt ýollarynda hem üstünlikli ädimler etjekdigimize we şol meselelerede çözgüt tapjakdygymyza ynanýaryn" diýip belledi. 

 

 

Tag

Teswirler