Oktýabr 25, 2020 17:26 Asia/Ashgabat
  • Al-Kaýda terror toparynyň lideri Owganystanda öldürildi

Owgan howpsuzlyk güýçleri ýola beren operasiýasynda Al-Kaýda terror toparynyň ýolbaşçylaryndan bolan Abu Mohsen al-Müsürini öldürdiler.

IRNA habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä,Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugy Owganystandaky "Al-Kaýda" terror toparynyň ikinji serkerdesi al-Müsüri gündogar Gazni welaýatynda öldürildi diýip yglan etdi.

"Al-Kaýda" terror toparynyň lideri Abu Mohsenyň  öldürilmegi Owganystandaky bu topara agyr zarba boldy.

Owganystanyň Gazni welaýaty terrorçy toparlaryň şol sanda "Al-Kaýda" terror toparynyň agzalarnyň bolmaklary sebäpli bu ýurduň howply welaýatlarynyň birisidir.

Tag

Teswirler