Sentýabr 14, 2019 18:28 Asia/Ashgabat

bölüm 836, süre sat, aýat 5-11

راهی بسوی نور(836)

Sat süresi, 5, 6 we 7-nji aýatlar :

أَجَعَلَ الْآلِهَةَ إِلَهاً وَاحِداً إِنَّ هَذَا لَشَيْءٌ عُجَابٌ (5) وَانطَلَقَ الْمَلَأُ مِنْهُمْ أَنِ امْشُوا وَاصْبِرُوا عَلَى آلِهَتِكُمْ إِنَّ هَذَا لَشَيْءٌ يُرَادُ (6) مَا سَمِعْنَا بِهَذَا فِي الْمِلَّةِ الْآخِرَةِ إِنْ هَذَا إِلَّا اخْتِلَاقٌ (7)

<< ( müşrikleriň başlyklary ): “ol ( durly ) hudaýlaryň ýerine ýalňyzy taňryny Hudaý tutunypdyrmy? Hakykatdan-da onuň bu iş bir geň zat” diýip aýtdylar // başlyklary ýola duşyp: “baryň öz hudaýlaryňyza bendelik etmeklikde gaýym duryň bu iş sizden islenendir”// biz şeýle bir zady iň soňky şerigatda eşitmändik bes bu bir ýasama dindir” diýip aýtdylar.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Megkäniň müşrikleri yslam pygamberiniň sözüni eşidip ony kabul etmekden saklandylar we ilaty yslam pygamberinden alyp galmak üçin ol hezreti kezzaplykda we jadygöwýlikde aýypladylar.

Gurhan kerim bu aýatlarda müşrikleriň bu işlerini açyklap aýdýar: olar halka aýtdylar: siziň köp hudaýlaryňyz bar we her bir mesele üçin şol hudaýlaryň birsine ýüzlenip ondan hajat alýarsyňyz emma indi yslam pygamberi gelip sizi bu hudaýlardan alyp galmak bilen özüniň aýdýan we gözlere görünmeýän hudaýyny size kabul etdirjek bolýar, onda öz isleg-arzularyňyza ýetjek bolsaňyz şol ata-babalarymyzyň ýoly bolan butparazlyk ýolunda mäkäm duruň we butlardan el özmäň we bu adamyň aýdýan geň gürrüňlerine gulak bermäň  sebäbi onuň aýdýan gürrüňleriniň aňrysynda hiç zat ýokdyr we biziň ata-babalarymyzdan gelen ýol hem şu görýän butparazlyk ýoludyr” diýip butparazlaryň başlyklary aýtdylar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberleriň esasy borjy butlary we butlara meňzeş hudaýlary ret edip ýalňyz taňry tagalanyň barlygyny halka subut etmeklikdir

2-Ynsanlar umuman öz ata-babalarynyň giden ýolundan gidýändirler we ata-babalaryň ýoluny ret edip onuň ýerine täze bir ýol saýlamaklyk ynsanlaryň köpüsine kyn düşýändir .

3-Kapyrlaryň başlyklary , hakykatyň garşysynda hile we pitne turuzmaklygyň yzyndadyrlar olar köpçülikde gümralygy ýaýratmak üçin ilatdan haka gulak bermekden saklanmaklygy isleýändirler .

Sat süresi, 8-nji aýat :

أَأُنزِلَ عَلَيْهِ الذِّكْرُ مِن بَيْنِنَا بَلْ هُمْ فِي شَكٍّ مِّن ذِكْرِي بَلْ لَمَّا يَذُوقُوا عَذَابِ (8)

<< bizi aramyzdan, gurhan ( diňe ) oňa inipdirmi? belkide olar ( kapyrlar we müşrikler ) meň gurhanym barada şekdedirler belkide olar heniz meň güçli azabymny dadan däldirler.>>

Megkäň müşrikleriniň yslam pygamberiniň ber-haklygyna şübhe bildirmekde ileri sürýän bahanalarynyň birisidä: Goraýşyň içinde beýik- beýik adamlar barka näme üçin Alla , pygamber etmek üçin şu ýetim oglany saýlapdyr, egerde Alla özüniň perişdelerini bir adamyň üstüne eýberjek bolsa Goraýşyň mal-mülkli we tanymaly adamlary bardy şolaryň birsini saýlap bilerdi” diýip aýtmaklardy.

elbetde bu sözüň aňyrsynda hiç hili mantyk ýokdur we bu söz diňe dünýä malyny tanaýan we hemme zady dünýäň maly bilen ölçeýän adamlaryň sözidir. bu hili adamlaryň garaýşyndan her kim köpçülige başlyk boljak bolsa onuň mal-mülki we baýlygy köp bolmalydyr. Emma aslynda allanyň hedaýaty pul bilen ýada mal-mülk bilen bolýan iş däldir eýsem bu mesele aslynda bir magnewi meseledir we her kim bir köpçüligi dogry ýola hedaýat etjek bolsa her bir zatdan ozal onuň içi we pitreti päk bolmalydyr we bu meselede mal-mülk we baýlygyň onçakly roly ýokdur.

Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem kapyrlara we müşriklere duýduryş berip: “hak bilen tersleşip haky kabul etmekden saklanýan adamlar işleriniň ajy hakykatyny görüp allanyň gahar gazabyna giriftar boljakdyrlar” diýip aýdýar .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- haka boýun egmezligiň sebäpleriniň biriside özüňi özgelerden üssem saýmaklykdyr . bu hili adamlar özlerini hemmelerden oly saýyp haka boýun bolmakdan saklanýandyrlar .

2- owal başda her bir zada şek etmeklik bir tebigi zatdyr ýöne soň akylly adam şol zadyň dogry ýada dogry däldigini seljermek üçin ol barada barlag etmelidir. her halda “men bu zada şek edýän” diýip ol zady bütiýnleý ret etmek dogry däldir .

Sat süresi, 9, 10 we 11-nji aýatlar:

أَمْ عِندَهُمْ خَزَائِنُ رَحْمَةِ رَبِّكَ الْعَزِيزِ الْوَهَّابِ (9) أَمْ لَهُم مُّلْكُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا فَلْيَرْتَقُوا فِي الْأَسْبَابِ (10) جُندٌ مَّا هُنَالِكَ مَهْزُومٌ مِّنَ الْأَحْزَابِ (11)

<< meger ýalkawjy we eziz perwerdigäriň rahmat hazynalary olaryň ýanyndamy? // ýada ýeriň we gökleriň we arasyndaky närseleriň hökmürowanlygy olar üçinmi? ( eger şeýle bolsady ) olar her bir zada ýapyşyp ( göge ) çykmak bilen ( biziň üstüne wahy iberýän adamymyza wahyýň iberilmeginiň öňüni alardylar) // bular, ähzaplaryň ( ferkalaryň ) şowsyzlyga uçran kiçi guşunydyr.>>

Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda yslam pygamberine wahyýň gelmegini inkär edýän müşriklere ýüzlenip: megerde pygamberleri bellemek meselesini Alla müşrikleriň üstüne okladymy? indi olar “kimiň pygamber bolmagyny isleýäris we kimiň pygamber bolmagyny islemeýäris” diýip aýdarlar ýaly diýip aýdýar.

Hakykatda kä ynsanlar şeýle bir tekepbirdiler weli olar “her bir zady bilýäris” diýip guman edýärler ýada hatda allanyň işinden hem aýyp tutup “Allanyň bu işi bolmaýar, Alla beýtmeli, şeýtmeli” diýip aýdýarlar.

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda yslam pygamberine we musulmanlara ýüzlenip : müşrükleriň bu boş gürrüňlerini eşidip ruhdan düşme, sebäbi olar bir kiçi -kiçi topurlardan we pyrgalardan zyýada däldirler, olar hakyň garşysynda durup hak kelamyny inkär etjek boldylar ýöne başaran däldirler diýip aýdýar .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlaryň pygamberleriň üsti bilen dogry ýola hedaýat bolmaklary allanyň ynsanlara bolan rahmatynyň bir möhüm görnüşidir.

2- ynsanlar üçin kanun düzüp şol kanunlary açyklap bermeklik älem- jahany ýaradyp onuň işlerine çäre görýän ýalňyz taňry tagalanyň işidir.

3- hakyň garşysynda durýan durly toparlar ahyr soňda ýeňilip ýok oljakdyrlar -her çen olar görme göze güýçli bolsalarda-.

//////////////

 

Teswirler