Sentýabr 14, 2019 18:45 Asia/Ashgabat

bölüm 838, süre sat, aýat 20-25

راهی بسوی نور(838)

Sat süresi, 20-nji aýat:

وَشَدَدْنَا مُلْكَهُ وَآتَيْنَاهُ الْحِكْمَةَ وَفَصْلَ الْخِطَابِ (20)

<< we onuň hökmürowanlygyny berkitdik we oňa hikmet we dilewarlyk bagyş etdik.>>

Geçen gepleşikde hezreti Dawut hakynda gürrüň etdik. hezreti Dawut mynajat we zikir ählidi, we allanyň zikrini aýtmakda daglar we guşlar onuň bilen hemralyk edýärdiler. gurhan kerim Dawut pygamber hakyndaky gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : taňry tagala bütin pygamberlere bagyş eden hikmetinden gaýry hezreti Dawuda we olary adalat bilen çözerýaly dilewarlyk güýjini hem bagyş etdi, ýene bir ybaratda hezreti dawut hökmürowanlyk bilen pygamberlik orunlaryna bir zamanda eýe bolan pygamberdir. bu mesele bolsa din bilen sýasatyň bir-birlerinden özňe däldiklerini subut edýändir. pygamberler diňe allanyň wahysyny halka ýetirmekliga borçly däldiler eýsem olar, ellerinden gelse allanyň şol wahysyny köpçülikde hem ýürdýärdiler. pygamberler diňe ybadat hanalarda ýada metjitlerde oturyp halka wagyz etmek bilen günlerini geçirmeýärdiler eýsem olar gerek bolan ýerinde hökmürowanlyk ornunda hem oturyp köpçülikde diniň hökümlerini ýördýärdiler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň we ilatyň hak- hukuklary deň derejede göz öňüne alynar ýaly hökmürowanlyk , hikmet we adalat esasynda dikeldilmelidir.

2-hökmürowanlyk , salyhy we ylahy ynsanlaryň elinde bolan ýagdaýynda berhakdyr, ýogsa berhak däldir.

Sat süresi, 21, 22, 23, 24 we 25 nji aýatlar:

وَهَلْ أَتَاكَ نَبَأُ الْخَصْمِ إِذْ تَسَوَّرُوا الْمِحْرَابَ (21) إِذْ دَخَلُوا عَلَى دَاوُودَ فَفَزِعَ مِنْهُمْ قَالُوا لَا تَخَفْ خَصْمَانِ بَغَى بَعْضُنَا عَلَى بَعْضٍ فَاحْكُم بَيْنَنَا بِالْحَقِّ وَلَا تُشْطِطْ وَاهْدِنَا إِلَى سَوَاء الصِّرَاطِ (22) إِنَّ هَذَا أَخِي لَهُ تِسْعٌ وَتِسْعُونَ نَعْجَةً وَلِيَ نَعْجَةٌ وَاحِدَةٌ فَقَالَ أَكْفِلْنِيهَا وَعَزَّنِي فِي الْخِطَابِ (23) قَالَ لَقَدْ ظَلَمَكَ بِسُؤَالِ نَعْجَتِكَ إِلَى نِعَاجِهِ وَإِنَّ كَثِيراً مِّنْ الْخُلَطَاء لَيَبْغِي بَعْضُهُمْ عَلَى بَعْضٍ إِلَّا الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ وَقَلِيلٌ مَّا هُمْ وَظَنَّ دَاوُودُ أَنَّمَا فَتَنَّاهُ فَاسْتَغْفَرَ رَبَّهُ وَخَرَّ رَاكِعاً وَأَنَابَ (س) . (24) فَغَفَرْنَا لَهُ ذَلِكَ وَإِنَّ لَهُ عِندَنَا لَزُلْفَى وَحُسْنَ مَآبٍ (25)

<< aralarynda ( dogry ) keser ýaly Mehrabyň dywaryndan geçip (Dawudyň ýanyna baran) iki adamyň habary saňa ýetdimi? // (tötänlikde) Dawudyň üstüne baran mahallary , şonda Dawut olary görüp gorkdy olar “gorkma! biz , şikäýet üçin seniň ýanyňa gelen iki adam. biziň birimiz ol birisine sütem etdi, onda biziň aramyzda adalat bilen kes (hüküm çykar) we sütem etme we bizi dogry ýola çagyr” diýip aýtdylar. // ýene ol adam aýtdy : bu adam meň doganym bolýar, onuň 99 goýuny bar we meň hem ýekeje goýunym bar we ol “şu ýekeje goýnuda maňa ber” diýip aýdýar we gepde hem meni ýeňdi // ( Dawut bu adamyň şikäýetini eşidip). Ol: “( dogunyň ) senden , goýnyňy talap etmek bilen şübhesiz saňa sütem edendir we elbetde şärikleriň köpsi hem ( şu hili ) bir-birlerine sütem edýändirler -meger iman getirip ýagşy işleri edýänleri bolmasa- elbetde bu hili adamlaryň sany hem gaty azdyr” diýip aýtdy . ( soň ) Dawut ( goýberen hatasyny ) duşundy. we biz ( bu wakada ) Dawudy synlap gördik. bes Dawut öz perwerdigärinden ýalkaw diläp reküye gitdi ( boýun burdy) we toba etdi //şonda biz onuň goýberen hatasyny bagyşladyk. şübhesiz ol biziň ýanymyzda söýerli we ser enjamy ýagşy bolan adamdyr.>>

Geçen aýatyň berýän maglumatyna görä taňry tagala hezreti Dawuda hökmürowanlyk we gazyçylyk ornuny bagyş edendir. gurhan kerim bu aýatlarda hezreti Dawut bilen baglanşykda bir waka yşarat edýär. şol wakada gelşine görä iki adam bir- birlerinden şikäýet etmek üçin hezreti Dawudyň ýanyna gelýärler. elbetde olaryň hezreti Dawudyň huzuryna gelişleri adaty şekilde bolmandyr. olar , hemişe ýanynda garawul bolan hezreti Dawudyň huzuryna barmaklygyň kyndygyny bilip ol namaza duran mahaly ybadat hananyň syrtyndan aýlanyp birdenkä mehrapda onuň ýanynda zahyr bolýarlar. bu mesele bolsa hezreti Dawudyň ol iki adamdan gorkmagyna sebäp bolýar. “bir wagt janyna kast ederler mykam” diýip hezret Dawut ol adamlardan gorkýar. şonda ol adamlar: “eý Dawut! bizden gorkma. bizden saňa zyýan ýetmez, biz arza gozgap seniň ýanyňa geldik” diýip aýdýarlar.

Ol adamlaryň garaşylmaýan ýagdaýda hezreti Dawudyň huzuryna barmaklary, hezreti dawudyň olaryň birsiniň arzasyny eşidip -ol birsiniň arzasyny eştmezden- karar çykarmagyna sebäp boldy. hezreti Dawut amala gelen ýagdaýyň täsirinde ikinji adamyň arzasyny eşitmezden “ol adam özüniň ýersiz islegi bilen seň hakyňda sütem edipdir” diýip aýtdy . bu ýerde geň galmaly zat olda ikinji adamyň hezreti Dawudyň çykaran kararyna arzaly bolman ol mekandan turup gitmegidi. ol adamlaryň hezreti Dawudyň ýanyndan gitmekleri bilen hezreti Dawut özüniň goýberen hatasyny duşundy we “ikinji adamyň arzasyny eşitmän karar çykarypdyryn” diýip özüna käýedi we alladan , özüniň goýberen bu hatasy üçin ýalkaw diledi. alla hem onuň tobasyny kabul edip ony ýalkady .

Guran kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-şikäýetleşýän adamlaryň ikiside gazydan adalat esasynda höküm çykarmagyny islemelidirler. olaryň birsiniň zor bilen özüni hakly görkezjek bolmagy , gazyň hem onuň gepine gitmegi dogry däldir .

2- köpçülikde adalatyň ýöredilmegi, adamlaryň dogry ýola çekilmeklerine we köpçüligiň azgynçylyklardan daşlaşmagyna sebäp bolýandyr.

3- ynsan “hemme zatlar meňki bolsun” diýýän bir zyýada talap närsedir şonuň üçin hem baý we baranda adamlar köpräk dünýä malynyň yzyndadyrlar.

4- gazyň dogry karar çykarmagy üçin onuň töweregi aram bolmalydyr , gazy öz töwereginde aramlyk we asudalyk duýmasa onuň howlugyp bilmezlikde ýalňyş karar çykarmagy mümkindir .

5- sagdyn ykdysadiýet , imanyň we ýagşy amallaryň saýasynda amala gelýändir. oňa görä , bir köpçülikde ynsanlaryň , imanlary bolmasa diňe öz bäbidlerini arap özgeleriň hak-hukuklaryny aýak aşaga salmaklary mümkindir.

//////////////

 

Teswirler