Sentýabr 14, 2019 18:54 Asia/Ashgabat

bölüm 839, süre sat, aýat 26-28

راهی بسوی نور(839)

Sat süresi, 26-njy aýat:

يَا دَاوُودُ إِنَّا جَعَلْنَاكَ خَلِيفَةً فِي الْأَرْضِ فَاحْكُم بَيْنَ النَّاسِ بِالْحَقِّ وَلَا تَتَّبِعِ الْهَوَى فَيُضِلَّكَ عَن سَبِيلِ اللَّهِ إِنَّ الَّذِينَ يَضِلُّونَ عَن سَبِيلِ اللَّهِ لَهُمْ عَذَابٌ شَدِيدٌ بِمَا نَسُوا يَوْمَ الْحِسَابِ (26)

<< eý Dawut! biz seni öz ýerimize ýeriň ýüzünde halypa edip goýdyk, onda halkyň arasynda adalat bilen höküm et we öz gara nebsiňe eýerme, ( eýerseň ol seni ) allanyň ýolundan alyp galar , şübhesiz allanyň ýolundan çykan adamlara güçli azap bardyr. çünki olar hasap gününi unudypdyrlar.>>

Geçen gepleşikde , öz aralarynda adalat esasynda höküm kesip haky ýörütmegi hezreti Dawutdan talap eden iki doganyň gürrüňini beýan etdik . bu iki doganyň dessanyndan belli bolşuna görä hezreti Dawut olaryň arasynda höküm çykarmakda üns bermeli bir näçe meseläni ünsden duşurypdyr. Şonuň üçin ol taňry tagalanyň dergähine ýüzlenip ondan ýalkaw diledi we toba etdi . hezreti Dawudyň şu hili allanyň garşysynda özüni pespäl we kiçi alyp barmagy onuň goýberen ýalňyşlygynyň allanyň tarapyndan geçilmegine sebäp boldy we hezreti Dawudyň orun mertebesiniň beýgelmegini yzyna tirkedi. Gurhan kerim bu aýatda bu meselä yşarat edip: “eý Dawut! biz saňa pygamberlik ornuny bagyş etdik aslynda seni ýer ýüzünde özümiziň oruntutarmyz edip goýdyk onda biziň aýdanymyz ýaly amal edip biziň taglymatymyzy berk tutmalysyň we halkyň arasynda höküm çykarmaly bolaňda esewan bolmalysyň we öz gara nebsiňe eýermekden saklanmalysyň, sebäbi bu zatlar seni allanyň ýoly bolan hak ýolundan alyp galýandyr diýip aýtýar . pygamberler mäsumdyrlar we olara günä etmek bolýan däldir, ýöne pygamberler günä etmeýärler diýmekden maksat olar , günä edip bilmeýärler diýmeklik däldir. eýsem her bir ynsan ýaly pygamberleriň hem günä etmekleri ýada ýalňyşlyk goýbermekleri mümkindir ýöne alla olary bu hili işlerden gurýandyr şondan gelende taňry tagala bu aýatda özüniň iberen pygamberlerinden bolan hezreti Dawuda ýüzlenip: “egerde öz nebsiňe eýe bolmasaň seň dogry ýoldan çykyp allanyň gahar- gazabyna giriftar bolmagyň mümkindir” diýip duýduryş berýär .

Guran kerimiň bu aýaty , halkyň arasynda nähili höküm etmek meselesi barada gürrüň edýär. gurhanyň bu aýaty esasynda hökmürowanlyk, hökman köpçülikde adalaty ýörütmek esasynda bolmalydyr. elbetde şeýle bir hökümete baştutanlyk etjek ynsan birinjiden öz dininiň usullaryna doly ýetik bolmalydyr unsuňda höküm etmekde häkim öz nebsine dälde eýsem allanyň we diniň aýdanlaryna eýermelidir.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- din syýasatdan özňe däldir we pygamberleriň borçlarynyň biriside köpçüligiň kynçylyklaryna bi parh bolmazlykdyr. elbetde ýagdaý olara hemralyk eden däldir şonuň üçin hem olaryň sanlyjasy köpçülikde hökmürowanlyk etmegi başarandyrlar .

2- kanun düzmekde ýada höküm çykarmakda esas bolmaly zat, häkimleriň ýada gazylaryň ýürekleriniň isleýän zady däldir eýsem hakyň isleýän zadydyr. kanunda we hökümde hak esas bolmalydyr .

3- häkimler we gazylar özleriniň haý-höweslerine eýeren ýagdaýlarynda hak ünsden düşüriljekdir. oňa görä ynsanlar öz ýaşaýyşlarynda hak esasynda hereket etjek bolsalar hökman özleriniň haý höweslerinden daş durmalydyrlar.

Sat süresi, 27 we 28-nji aýatlar:

‏ وَمَا خَلَقْنَا السَّمَاء وَالْأَرْضَ وَمَا بَيْنَهُمَا بَاطِلاً ذَلِكَ ظَنُّ الَّذِينَ كَفَرُوا فَوَيْلٌ لِّلَّذِينَ كَفَرُوا مِنَ النَّارِ (27) أَمْ نَجْعَلُ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ كَالْمُفْسِدِينَ فِي الْأَرْضِ أَمْ نَجْعَلُ الْمُتَّقِينَ كَالْفُجَّارِ (28)

<< we biz gökleri we ýeri we olaryň arasyndaky barça zatlary bihuda ýaratmadyk (ýaradylşyň bihuda bolmagy ) kapyrlyk edýänleriň gumanudyr. onda ( duwzahyň ) odyndan kapyrlaryň ( gün) waýdyr// iman getirip ýagşy işleri edýän adamlary ýer ýüzünde pysatçylyk edýän adamlar ýaly görerismi ? ýada takwalyk edýän adamlary telek işleri edýän adamlar ýaly görerismi?>>

Geçen aýatda taňry tagala hezreti Dawuda ýüzlenip : ýer ýüzünde hak bilen höküm et sebäbi sen meniň ýer ýüzünde goýan oruntutarymsyň diýip aýtdy. taňry tagala şol aýatyň dowamynda bu aýatda: “biz älem-jahany hak esasynda ýaratdyk we erbetligiň onda hiç orny bolmaz onda ýer ýüzünde hakdan başga zat häkim bolmaly däldir” diýip aýdýar. elbetde allanyň barlygyny inkär edýän adamlar şeýlede barlygyň maksatly suratda ýaradylandygyny inkär edýän adamlar, kyýamatda duwzahyň ody bilen ýüzbe ýüz bolanlarynda özleriniň edýän gumanlarynyň düýbinden ýalňyş bolandygyna göz ýetirjekdirler.

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: diňe bir ýaradylyş dälde eýsem allanyň älem- jahanda berkarar eden jeza we serpaý düzgüni hem adalat esasynda dikeldilendir şonuň üçin hem taňry tagala ýagşy adamlar bilen günäkär adamlara bir hili çemeleşýän däldir . onsuňda taňry tagalany, ýaradyjy we hakyky hökmürowan bilýän we kyýamat gününe imanly bolan adamlaryň boluşynyň allany we kyýamaty inkär edýän adamlaryň boluşlary bilen parh etjekdir bu mesele bir tebigi meseledir. birinji topar adamlar, özlerini we köpçüligi düzeltmek ugurda alada edýändirler. emma ikinji topar adamlar ýer ýüzünde her ne köpräk pysatçylyk etmek ugurda tagalla edýändirler. birinji topar , allanyň berkarar edip goýan usullary esasynda hereket edip köpçülige peýda ýetirýändirler. emma ikinji topar adamlar özleriniň şahsy we maddy bähbitlerini arap köpçülige zyýan ýetirmegide bir zat bilýän däldirler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- diniň garaýşynda ýaradylşyň maksady we myrady bardyr we bihuda amala gelen zat däldir. ýöne maddy garaýyşda ýaradylşyň maksat-myrady ýokdur we öz özünden amala gelen zatdyr.

2- barlyk , hak esasynda dikeldilendir şonuň üçin köpçülikde ýörediljek kanunlar hem hak esasynda bolmalydyr .

3- hak, dünýäde we ahyretde adalatyň ýöredilmegini talap edýändir. oňa gürä köpçülikde ýagşy adamlar bilen erbet adamlary bir derejede görmeklik dogry däldir we hakyň usullaryna jebis gelýän däldir.

4- allanyň buýruklaryny aýak aşakda goýmaklyk , ýer ýüzünde pysatçylygyň köpelmegine sebäp bolýandyr.

/////////////

 

 

 

                                                     

 

Teswirler