Ýanwar 04, 2020 10:33 Asia/Ashgabat

bölüm 845, süre sat, aýat 59-66

راهی بسوی نور(845)

 

Sat süresi, 59, 60 we 61-nji aýatlar:

هَذَا فَوْجٌ مُّقْتَحِمٌ مَّعَكُمْ لَا مَرْحَباً بِهِمْ إِنَّهُمْ صَالُوا النَّارِ (59) قَالُوا بَلْ أَنتُمْ لَا مَرْحَباً بِكُمْ أَنتُمْ قَدَّمْتُمُوهُ لَنَا فَبِئْسَ الْقَرَارُ (60) قَالُوا رَبَّنَا مَن قَدَّمَ لَنَا هَذَا فَزِدْهُ عَذَاباً ضِعْفاً فِي النَّارِ (61)‏

<< bular ( size eýerenlerden ) bir toparydyrlar, olar siz bilen birlikde dowzaha düşerler . ( olar jogapda aýdarlar ) “olara hoş geldiňiz” diýilmez, sebäbi olar dowzaha düşerler // ( ýolbaşçylaryna eýeren adamlar hem aýdarlar ): belki hoş geldiňiz size hem diýilmez sebäbi siz bizi bu azaba uçratdyňyz diýip , ( dowzah ) ne erbet baralgadyr// olar ýene aýdarlar : “bar hudaýa! bizi bu azaba uçradan her kim bolsada (Tamug ) odunda onuň azabyny artdyryp iki esse et” diýip.>>

Geçen gepleşikde kyýamatda kapyrlara we sütemkärlere beriljek jezalaryň kä birsine yşarat etdik. gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda : dowzah ähli täze gelenleri garşy almazlar eýsem olara dil ýetirip olara awyly sözleri aýdarlar diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlary esasynda hemä gümra adamlaryň başlyklary, gümraadamlary käýärler hemde öz gümrabaşlyklaryna eýerip gümralyga uçran adamlar, özleriniň giriftar bolan ýaramaz ýagdaýlarynda öz başlyklaryny ýazykly bilip olara lagnat aýdarlar.

Şonda dowzahyň ýasawullary kapyrlaryň we müşrikleriň başlyklaryna ýüzlenip : dünýäde size eýerip gümralyga uçran bu adamlar siziň yzyňyz bilen dowzaha düşdiler, olar dünýäde siziň ýörän ýoluňyzdan ýöräpdiler  bu gün hem olar dowzahda siziň ýanyňyzdadyrlar bu gün hemmäňiz dowzah odunda ýanjaksyňyz diýip aýdarlar.

Halyk arasyndaky däp boýunça bir adam bir mekana baranda ol ýerde bolan adamlar bu täze gelen adama hoş geldiň diýip ony garşy alýarlar, ýöne dowzahda ýagdaý başgaça boljakdyr, ol ýerde kapyrlaryň we gümra adamlaryň başlyklary beýlekilerden owaldowzaha giren bolsalarda,täze gelen gümra we kapyr adamlary görenlerinde, olara hoş geldiňiz diýmegiň ýerine dowzaha hoş gelmediňiz diýip aýtjakdyrlar şonda aňrydan duzaha girip gelýän adamlar hem, özleriniň başlyklaryna : siz hem hoş gelmediňiz,biz bu güne we dowzahyň oduna giriftar edenler sizlerbidiňiz , hudaýdan isleýäris siziň azabyňyzy artdyryp iki esse etsin diýip aýtjakdyrlar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-dowzah ähli bir- birlerini käýäp bir- birlerini ýazykly bilýändirler .

2- kyýamat diýleni ynsanyň dünýäde eden etmişleriniň azap görnüşinde jilwe tapýan ýeridir.

3- kyýamatda hiç kim özüniň eden etmişlerini ýene biriniň üstüne oklap bilmez . her kim öz eden etmişlerini özi çekmeli bolar . meni palany gümra etdi diýip eden etmişleriňden päklenip bilmezler.

Sat süresi, 62, 63 we64-nji aýatlar:

وَقَالُوا مَا لَنَا لَا نَرَى رِجَالاً كُنَّا نَعُدُّهُم مِّنَ الْأَشْرَارِ (62) أَتَّخَذْنَاهُمْ سِخْرِيّاً أَمْ زَاغَتْ عَنْهُمُ الْأَبْصَارُ (63) إِنَّ ذَلِكَ لَحَقٌّ تَخَاصُمُ أَهْلِ النَّارِ (64)

<< we aýdarlar : ( bu ýerde diýmek dowzahda ) şerçilerden diýýän adamlarymyzy görmeýäris ? // biz ýalňyşyp olary masgaraedipdirismi ? ýada ( olar dowzahda bolup ) biziň gözlerimiz olary görüp bilmeýärmi ? diýip // dowzah ähliniň bu hili jedelli gürrüňler hökmany boljakdyr.>>

Dowzah ähli dünýäde özlerini beýik orunly we şahsyýatly adamlar bilip iman ählini özlerinden pes bilmek bilen olary halyk arasynda magaralapelmydam olara dil ýetirendirler.

Gurhany kerim bu aýatlarda dowzah ähliniň dünýäde möminlere erbet çemeleşmeklerine yşarat edip aýdýar :Olar , orun we şahsyýat taýdan özlerinden pes bilýän mömin adamlaryny duzahda görmänleri soň bu ýagdaýdan geň galyp : biz bilmezlikden olary masgaralapdyrysmy? indi olar behiştde bolýarmy ? ýada dowzahda bolup biz olary görüp bilmeýärismi diýip aýtjakdyrlar.

Durmuşda hem dünýäň eziji döwletleri we bu döwletleriň başlyklary : “dünýäde biziň kesen kellämiziň soragy bolmaly däl biz her näme aýtsak başgalar şony etmeli” diýip aýdýarlar. indi kä adalat söýer adamlar olaryň bu hili boluşlarynyň garşysynda durup olara garşy görüşseler bu eziji adamlar , bu hili adalat söýer ynsanlary şerçi adamlar bilip olary ýok etmegiň ugruna çykýarlar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dünýäde masgara bolýan adamlaryň kyýamatda bagtyýar boljaklary az däldir . olar behişte girerler ýöne olary masgara edýän adamlar dowzaha düşerler .

2- adamlaryň daşyny görüp olara baha bermäli,sebäbi daşy jäjek içi möjek adamlar az däldir. aýry bir tarapdan hem daşlary onçakly bolman içleri dogry bolan adamlar hem az däldir.

Sat süresi, 65 we 66-njy aýatlar:

قُلْ إِنَّمَا أَنَا مُنذِرٌ وَمَا مِنْ إِلَهٍ إِلَّا اللَّهُ الْوَاحِدُ الْقَهَّارُ (65) رَبُّ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَمَا بَيْنَهُمَا الْعَزِيزُ الْغَفَّارُ (66)

<< olara aýt : men diňe duýduryş berijidirin we alladan özge ýeke täk gahhar taňry bolmaz” diýip// ( ol ) gökleriň we ýeriň we olaryň arasyndaky barça närseleriň perwerdigäri bolup ýeňilmez we ýalkawçydyr.>>

Taňry tagala , dowzah ähliniň jezasy barada gürrüň gozgaýan geçenki aýatlaryň soňunda bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : müşriklere we kapyrlara we olaryň başlyklaryna duýduryş berip geçmişden sapak almaklaryny tabşyr we alladan özge taňryň ýok dygyny we allanyň gudratyna taý geljek gudratyň ýokdygyny , asman , zemin we barça zatlary allanyň ýaradandygyny olara aýt diýip aýdýar. Şeýlede gurhany kerim bu aýatlarda yslam pygamberinden : barça zatlaryň hakyky eýesi bolan allanyň , toba edýän bendelerini bagyşlajakdygyny oňa gürä günäkär adamyň toba etmeginiň gereklidigini ýatlamagyny isleýär.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlara gowy zatlar bilen buşluk bermegiň ýanynda olary gaflat ukysyndan oýarmak üçin gerek bolan ýerinde howp hatarlar bilen duýduryş bermek hem gereklidir .

2- bütin älem jahany diňe bir gudrat we bir yrada dolandyrýandyr, ol gudrat we yrada bolsa allanyň gudraty we yradasydyr.

3- dünýedäki gudratlaryň we häkimleriň güýç gudratlary her niçe  köp bolsa şonçada olaryň merhemeti az bolýandyr bu mesele umuman şeýledir, ýöne alla hakynda ýagdaý başgaçadyr , alla tagala her niçä gudratly we güýçli bolsada onuň rahmaty we merhemeti şonça güýçlidir allanyň gudratynyň taýsyz bolyşy ýaly onuň rahmeti hem taýsyzdyr.

///////////////

 

 

Teswirler