Oktýabr 20, 2019 18:15 Asia/Ashgabat
  • Pygamberleriň iberilmeginiň maksady

Ynsanyň ýaradylyp, bu dünýä iberilmeginiň maksady we hikmeti älemiň Ýaradyjysyny tanamak, Oňa iman getirip ybadat etmekdir. Akyl ynsanyň bu ýaradylyş maksadyna özbaşdak düşünmekden ejizdir. Ynsan özüniň we älemiň bir Ýaradyjysynyň bardygyna akyl ýetirip biler, ýöne näme üçin ýaradylandygyny, nämeler etmelidigini bilmez. Käbir kelam alymlary ynsan akyly bilen Allah Tagalanyň bardygyny we birdigini bilse-de, Oňa nähili ybadat etmelidigini, ryzasyny nädip gazanmalydygyny bilmez. Şonuň üçin pygamber

Kurany Kerimde Allah Tagalanyň her bir millete, ymmata, taýpa olary ilahi azapdan gorkuzýan bir pygamberi iberendigini aýdýar.

«Biz seni Allahyň rahmeti bilen buşlaýjy we azaby bilen gorkuzyjy hökmünde hak din bilen iberdik. Her bir ymmat üçin hem olaryň arasyndan hökman bir oýaryjy pygamber iberendiris» (Fatyr, 24). Başga bir aýatda: «Allaha kasam bolsun, Biz senden öňki ymmatlara hem pygamber iberendiris», (Nahl, 63; Ýunus 47) diýilýär.

Pygamberleriň iberilmeginiň maksadyny şeýle beýan etmek bolar:

1. Gul bolmakPygambereriň iberilmeginiň sebäbi, ynsanyň ýaradylyş sebäbi bilen bir nokatda birleşýär. Ol hem Allaha gul bolmakdyr.«Menden başga ilah ýokdur. Şonuň üçin maňa gulluk ediň» diýip, wahý edip, hökman bir pygamber gönderendiris», (Enbiýa, 25) aýaty muňa yşarat edýär.

2. Teblig etmekPygamberleriň asyl wezipelerinden biri hem Allahyň dinini we buýruklaryny ynsanlara teblig etmekdir. Eger olar gelmedik bolsa, biz ybadata degişli meseleleri buýrulan emri we gadagan edilen zatlary bilmezdik. Borjumyza amal etmezdik. Namaz, oraza, zekat, haj näme? Içgi, humar, zyna, haram mala kowalaşmak, süýthoryk ýaly dinimizde halal däl zatlaryň ýagdaýy nähili? Bu zatlara asla düşünmezdik. Şu we şuňa meňzeş birgiden meseleler pygamberleriň üsti bilen öwrenilipdir. Pygamberlere degişli bu esasy maksat we borç Kuranda şeýle beýan edilýär:

«Olar (pygamberler) Allahyň hökümlerini millete aýan ederler, Allahdan gorkarlar we Ondan başga hiç kimden gorkmazlar. Hasap soraýjy hökmünde Allah ýeterlikdir», (Ahzab, 39). Başga bir aýatda:

«Eý, Resul! Rabbiňden saňa inen buýruklary teblig et. Eger muny etmeseň, Onuň ilçiligini ýerine ýetirmedigiň bolar. Allah seni ynsanlaryň şerinden gorar. Dogrusy, Allah käfirler toparyny hidaýete ýetirmez», (Maide, 67).

3. Nusga bolmakPygamberleriň iberilmeginiň maksadynyň ýene biri, olaryň öz ymmatyna nusga bolmalydygydyr. Kurany Kerim:«Kim Allahy we ahyret gününi arzuwlaýan bolsa, Allahy köp zikr etsin, kasam bolsun, siziň üçin Allahyň Resuly ajaýyp bir nusgadyr», (Ahzab, 21) diýýär.

4. Dünýä we ahyret deňligini saklamakPygamberler dünýä we ahyret deňligini saklamak üçin iberilendir. Pygamberleriň getiren ölçegi bilen ynsan ogly öte geçmekden (ifratdan) we pese gaçmakdan (tefritden) gutulýar, dogry ýoly tapýar. Poplar ýa-da monahlar ýaly terkidünýälik edip monastyrda ýaşaman, ýa-da, dünýä işine baglanyp, oňa doly ýesir bolman, hemişe orta ýoly saklap ýaşamak makuldyr. Bu bolsa diňe wahýyň aýdyňlyk dünýäsine mahsus bir häsiýetdir. Ýogsa, akyl we wyždan arasynda şunuň ýaly deňlik gurlup bilinmez. Ynsan diňe ylym bilen bu derejä çykyp bilmez.

Kurany Kerim bu deňagramlylygy şeýle aňladýar:«Allahyň saňa berenleri bilen ahyret ýurduňy abadanla. Bu dünýäden-de nesibäňi unutma. Allahyň saňa ýagşylyk edişi ýaly, sen hem ýagşylykda ýaşa. Ýýer ýüzünde bozuklyk ugrunda selpeme. Şübhesiz Allah bozuklary söýmez», (Kasas, 77).

5. Garşy çykmaklygyň öňüni almakPygamberler ahyretde: «Biz bilmedik, bize habar berilmedi» diýip, ynsanyň Allah Tagala garşy çykmazlygy üçin iberilendir. Bir aýat muny şeýle beýan edýär:«Biz buşlukçy we gorkuzyjy hökmünde pygamberleri iberdik. Şeýlelik bilen, ynsanlaryň pygamberler iberilenden soňra, Allaha garşy hiç bahanalary bolmasyn. Allah azizdir, hakimdir», (Nisa, 165).

Her pygamber ynsany diňe ynandyrmak üçin, ynanmaýanlara-da bahana galmaz ýaly mugjyza bilen gelendir. Her ymmat öz pygamberinden nije mugjyzalary gözi bilen görendir hem eşidendir. Biz hem hezreti Muhammede (s.a.w.) degişli müňlerçe mugjyzalary eşitdik we Kuran ýaly ebedi mugjyzany elmydam görýäris. Mundan soň, hiç kimiň garşy gitmäge haky ýokdur. Allah ynanmagymyzy isleýän hakykatlaryny, hemişe goldaw berýän pygamberleriniň üsti bilen aç-açan we äşgär görkezipdir. Bu olaryň iberiliş maksatlarynyň biridir. Iň ähmiýetli tarapy hem Allah Tagala: «Biz pygamber ibermedik ýagdaýymyzda azap bermeris», (Isra, 15) diýýär. Diýmek, pygamberler iberilendigi üçin, mizan we tereziler guruljakdyr. Hiç kimiň bahanasyna bakman, her kesden hasap soraljakdyr.

Teswirler