Oktýabr 20, 2019 18:18 Asia/Ashgabat
  • Pygamberleriň sany we derejeleri

Ilkinji pygamber hezreti Adam atadyr (a.s.). Iň soňky pygamber bolsa, hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Bu ikisiniň aralygynda ençeme pygamberler gelip geçipdir. Olaryň sany barada Kurany Kerimde anyk maglumat berilmeýär. Ýöne bir aýatda:

«Kasam bolsun, senden öň hem pygamberler iberdik. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny habar berenlerimiz hem bar, bermediklerimiz hem bar», (Mü’min, 78) diýilýär. Pygamberimiziň hadyslarynda bolsa, bir rowaýata görä: 124 müň, başga birine görä 224 müň pygamberiň gelip-geçendigi, 313 sanysynyň hem resuldygy barada aýdylýar, (Ahmet b. Hanbel, «Müsned»). Bu rowaýatlardaky sanlar biri-birinden ýüz müň töweregi tapawut edýär. Bularyň islendigini kabul etsek, ýüz müň kişini pygamber saýyp, ýa-da pygamber bolany pygamber däl diýmegimiz mümkin. Şeýle hem pygamberdigi anyk belli bolmadyklar barada «pygamberdi, pygamber däldi» diýip jedel etmek hem ýalňyşdyr. Bu meselede iň dogrusy «Allahyň iberen pygamberleriniň ählisine ynandym» diýmekdir.

Kurany Kerimde mü’minleriň ajaýyp waspy şeýle düşündirilýär: «Biz Allahyň pygamberlerinden hiç birini beýlekisinden tapawutlandyrmarys», (Bakara, 285). Bu aýatda Allah Tagalanyň pygamberdir diýenine guluň ýok diýmäge hakynyň ýokdugy nygtalýar. Kurany Kerimde ady tutulan pygamberler şulardyr.

1. Hezreti Adem (a.s.),2. Hezreti Idris (a.s.),3. Hezreti Nuh (a.s.),4. Hezreti Hud (a.s.),5. Hezreti Salyh (a.s.),6. Hezreti Ibrahim (a.s.),7. Hezreti Lut (a.s.),8. Hezreti Ismail (a.s.),9. Hezreti Ishak (a.s.),10. Hezreti Ýakup (a.s.),11. Hezreti Ýusuf (a.s.),12. Hezreti Şu”’aýb (a.s.),13. Hezreti Eýýup (a.s.),14. Hezreti Musa (a.s.),15. Hezreti Harun (a.s.),16. Hezreti Dawut (a.s.),17. Hezreti Süleýman (a.s.),18. Hezreti Ýunus (a.s.),19. Hezreti Ylýas (a.s.),20. Hezreti Elýase (a.s.),21. Hezreti Zülkifil (a.s.),22. Hezreti Ýahýa (a.s.),23. Hezreti Zekeriýa (a.s.),24. Hezreti Isa (a.s.),25. Hezreti Muhammet Mustafa (s.a.w.).

Kurany Kerimde atlary tutulan Uzeýriň, Lukmanyň we Zülkarneýniň pygamberdigi ýa-da däldigi hakynda anyk höküm ýok. Olaryň salyh ynsan bolandygy belli bolsa-da, pygamberdigi barada anyk aýdylmaýar.Kuranda ady tutulmasa-da, pygamberdigi giňden aýdylanlar şulardyr: Şit, Ýuşa, Jerjis, Danýal.

Pygamberleriň derejeleri

Yslama göpä, ähli pygamberler pygamber bolmak taýyndan deňdir. Allah Tagala pygamberleriň arasynda tapawut goýman, ählisine ynanmagy her bir musulmana farz edipdir. Ýöne, pygamberleriň derejeleriniň tapawutlydygy aýdylýar:

«Ynha, bu pygamberlerden käbirini beýlekilerden üstün kyldyk. Allah olaryň käbiri bilen gürleşipdir, käbirini bolsa derejeler bilen beýgeldipdir», (Bakara, 253). Kurany Kerimde derejesi ýokary bolan pygamberlere «Ulül Azm pygamberler» diýilýär. Ulül Azm pygamberler bäş sanydyr. Olaryň iň beýigi älemlere rahmet edilip iberilen we Hatemül enbiýa bolan hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.). Beýlekiler dünýä gelmek nobatyna görä, hezreti Nuh (a.s.), hezreti Ibrahim (a.s.), hezreti Musa (a.s.) we hezreti Isadyr (a.s.).

Teswirler